Biz döwrebap enjamlarda öndürilen ýokary hilli
ekologiki arassa önümleriň öndürilmegine çalyşýarys.

Bize ýazyň

Aşakdaky formany dolduryň we biz size jaň ederis.

Успешно! Ваш запрос отправлен нам.
Ошибка! При отправке вашего запроса произошла ошибка.

Ýewropa hil standartlary

5+ ýyl Bazarda

Eksport

Ökde hünärmenler

Biz hakda

"Batly-Gadam" Türkmenistanda jorap öndürýän öňdebaryjy kärhana

“Batly-Gadam” hususy kärhanasy halkara bazarynda çalt ösýän kompaniýa bolup, esasy ugry halkara ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli pagtadan dokma önümlerini öndürmekdir. Biziň hödürleýän önümlerimiz ýokary hilliligi we işleýşinde ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar. Kompaniýanyň assortimentini emele getirmegiň esasy ýörelgesi “iň gowusy we subut edilen”.

Giňişleýin öwrenmek üçin

"Batly-Gadam" hususy kärhanasy bilen hyzmatdaşlyk

Sizi ajaýyp hyzmat, özüne çekiji bahalar we ýokary hilli önümler almaga kepillindirýär!

BIZIŇ ÖNÜMLERIMIZ

Şweýsariýa, Italiýa we Ýaponiýa ýurtlarynyň “Rieter”, “Muratec”, “Xorella”, “Zancaner”, “Uster” we “Leopfe” kompaniýalarynyň enjamlarynda iň döwrebap we ösen dokma tehnologiýalaryny ulanyp, dürli derejeli pagta ýüplükleri öndürilýär.

"Batly-Gadam" hususy kärhanasy, öndürilen pagta ýüplüklerini boýamak üçin "Thies" ýaly dünýäniň öňdebaryjy nemes kompaniýalarynyň boýag enjamlaryny ornaşdyrmak bilen, ýylda 3500 tonna ýüplügi dürli reňklerde boýamak ukybyna eýedir. Boýag işinde adam bedenine zyýany bolmaýan ýörite boýaglary Ýewropadan, himreagentleri bolsa Türkiýeden getirilýändigini belläsimiz gelýar.

Pagta ýüplügi boýalandan soňra biziň fabrikamyz erkek, aýal we çaga joraplaryny öndürýär. “Batly-Gadam” hususy kärhanasy, öndürýän harytlarynyň ýokary hili we önümleriniň köp dürlüligi bilen Türkmenistanda iň uly jorap öndürijisi bolup durýar. Joraplaryň ýyllyk önümçiligi 18 000 000 jübüt. Joraplar dünýä belli bolan “Lonati” we “Dakong” markalarynyň iň döwrebap enjamlarynda öndürilýär, olaryň sany 262-ä ýetýär.

Joraplar öndürilenden soň, “Tolon” markaly enjamlary arkaly ýuwulýar, guradylýar we ýakymly ys berilýär, soňra “Technopea” markaly enjamlary bilen taýýarlanýar, soňra joraplar sortlanýar, üstüne etiketkalar tikilýär, soňra taýýar önümler gaplanýar.

Öndürýän önümlerimizde adam saglygyna zyýan ýetirip biljek himiki önümler ulanylmaýar. Fabrikada çyglylyga gözegçilik ýörite howalandyrma ulgamy arkaly amala aşyrylýar. Ähli önümler Ýewropa standartlaryna we hiline laýyk gelýär. Ýewropada öndürilen enjamlar bilen enjamlaşdyrylan fabrika häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär we şonuň üçin ýokary hilli dokma önümleriniň giň toplumyny öndürip biler.

Harytlarymyz Azerbaýjan, Türkiýe, Gazagystan we Russiýa ýaly ýurtlara birnäçe gezek iberildi. Müşderiniň talaplaryna çalt jogap bermek, zerurlyklary göz öňünde tutmak we öwrenmek ukybymyz - müşderilerimizi özüne çekýän zatlaryň biridir. Döredilen pursadyndan şu güne çenli Baş sahypa wezipelerimiz, sarp edijilere hormat goýmak bilen dokma önümlerini öndürmek we işewür hyzmatdaşlar bilen uzak möhletleýin özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmakdyr.

Harytlarymyz Azerbaýjan, Türkiýe, Gazagystan we Russiýa ýaly ýurtlara birnäçe gezek iberildi.

Näme üçin biz?

Biziň üstin taraplarymyz

Biz müşderilerimize aşakdaky hyzmatlary hödürleýäris:

1

- Müşderiniň sargytlaryny islendik görnüşde kabul etmek (telefon, faks, e-poçta);

2

- Töleg üçin hasap-faktura bermek bilen talaby gyssagly işlemek (islendik talabyň üstünde işlemek üçin iň köp wagty 1-2 gün)

3

- Awtoýol we demir ýol arkaly müşderä haryt eltip bermek (ýük ekspeditor kompaniýalarynyň hyzmatlarynyň tölegi müşderi tarapyndan) önüme degişli bolan ähli sertifikatlary üpjün etmek

4

- Müşderä tassyklamak üçin hasap-faktura ibermek bilen harytlary 3 güne çenli rezerwde saklamak (mukdaryny we bahalaryny kesgitlemek bilen)

5

- Önüme degişli bolan ähli sertifikatlary üpjün etmek;