Biz Barada

“Eyeçiligiň sla döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna we beýleki Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalaryna laýyklykda 2014-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi tarapyndan geçirilen maýa goýum bäşleşiginiň netijesi boýunça Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Balkanabat şäherindäki umumy meýdany 75200 m2 bolan Jorap öndürýän fabrigini biziň hususy kärhanamyz satyn aldy. Biziň "Batly-Gadam" hususy kärhanamyz ýurdumyzda ÿeňil senagaty ösdürmekde uly işleri alyp barýar. Kärhanada dünýäniň ýokary hilli enjamlary we täze innewasion öňde baryjy tehnologiýalary ornaşdyrylyp, bäş ýüze golaý iş orunlary döredilen. Kärhanamyzda pagta süýüminden ýylda 5000 tonnadan gowrak dürli görnüşdäki ýüplik önümlerini öndürilip, häzirki wagtda Türkiýe döwletine we Russiýa Federassiýasyna eksport edilýär. Mundan başga-da, öndürilen ýüplikleri boýamak üçin boýag enjamlary ornaşdyrylyp, ýylda 3500 tonna golaý ýüplikleri boýamak mümkinçiligimiz bar. Şeýle hem, kärhanamyz boýagly ýüpliklerden dürli görnüşdäki, bäsleşige ukyply, ýylda 18000000 jübütden gowrak joraplary öndürip, daşary ýurtlardan import bolup gelýän harytlaryñ ornuny tutýan ýokary hilìi önümleri öndürmek bilen meşgullanýar.

Ýüplik önümçiligi — enjamlary Şwesariýanyñ "RIETER" kompanýasyndan we Ýaponiýanyň “MURATEC" kompanÿasyndan satyn alynyp, ýylda jemi 5000 tonna dürli görnüşdäki ýüplikler öndürilýär. Öndürilýän yüplikleriň 3500 tonnasy NE 20 RING KARDE ýüplügi bolup, munuň 90% göterimini eksport edilyär, 10% göterimini bolsa jorap önümçiliginde ulanylýar hem-de ýylda 1500 tonna NE 20 OPEN END ýüplügi öndürilip, munuň 100% göterimi eksport edilýär.

Ýüplik boýagy — enjamlary Germaniýanyň “THIES" kompanýasyndan satyn alynyp, ýylda 3500 tonna golaý ýüplikleri dürli reňklerde boýalýar.

Jorap önümçiligi — enjamlary Italiýanyñ “LONATI" kompanýasyndan satyn alynyp, ýylda 18000000 jübütden gowrak joraplary öndürilip biliner. Öndürilen jorap önümleri döwletimize import bolup gelýän joraplaryň doly möçberde ornuny tutar we eksport hem ediler.

Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda öndürilýän önümleriň dașary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak hakynda” we ”Türkmenistanda daşary ýurtdan getirilýän harytlaryň ornunytutýan önümleri öndürmek hakynda” kararyna öz goşandymyzy goşmak, döwletimiziñ ykdysady görkezijilerini has-daösdürmek we ilatymyza täze iş orunlaryny döretmek biziň Baş sahypa wezipämiz bolup durýar.

Biziň fabrikamyz Balkanabat şäheriniň 185-nji ýaşaýyş jaý toplumynda Garaşsyzlyk şaýolunyñ ugrunda ýerleşýär. Häzirki wagtda jemi 615 sany ýerli raýatlary ştat boýunça zähmet çekýär. Şolardan 378 sanysy aýal we 237 sanysy erkek işgärlerden ybarat. (Göterim gatnaşygy: 100 % TKM, 0,00 0/ DDR).

ПОЛИТИКА

В ОБЛАСТИ СИСТЕМ МЕНЕДЖМЕНТА КАЧЕСТВА, ЭКОЛОГИИ И ОХРАНЫ ЗДОРОВЬЯ И ОБЕСПЕЧЕНИЯ БЕЗОПАСНОСТИ ТРУДА

"Batly-Gadam" hususy kärhanasy Balkanabat şäherinde önümçilik we tehniki bazasy bolan ýeňil senagat pudagynda iş alyp barýan iri hususy kärhanalaryň biri bolup, onuň esasy iş ugry pagta ýüplügi we jorap önümçiligi bolup durýar.

Guramanyň esasy ugry, alyp barýan işini hemişe ýokarlandyryp, sarp edijiler, kärhananyň işgärleri, pagta ýüplügi we jorap önümçiliginde hil dolandyryşy, daşky gurşawy we saglygy goramak şeýle hem zähmet howpsuzlygy bilen gyzyklanýan beýleki taraplar tarapyndan ykrar edilmekdir. Önümiň ömrüniň ähli tapgyrlarynda, çig mal satyn almakdan başlap, ulanyşdan galan taýýar önümleri ýok etmeklige çenli TDU (toplumlaýyn dolandyryş ulgamy) ulanmak hökmanydyr.

Guramanyň esasy iş ugruny göz öňünde tutup we görkezilen niýetlere ýetmek üçin ýolbaşçylar aşakda görkezilen jogapkärçilikleri öz boýunlaryna alýalar:

• Müşderileriň, işgärleriň we beýleki gyzyklanýan taraplaryň pikirlerini we isleglerini öwrenmek, derňemek we göz öňünde tutmak, şeýle hem olar bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli tagallalary etmek;

• Guramanyň maksatnamalaryna laýyk bolmak we strategiki ugruny goldamak;

• Hukuk we kadalaşdyryjy talaplary kesgitlemek we ýerine ýetirmek, şeýle hem guramanyň işi bilen baglanyşykly kabul edilen borçnamalary ýerine ýetirmek;

• Sarp edilýän çeşmeleriň hapalanmagynyň öňüni almak we tygşytly peýdalanmak we daşky gurşawyň netijeliligini ýokarlandyrmak arkaly daşky gurşawy goramak;

• Işgärleriň şikes almagynyň we saglyklarynyň ýaramazlaşmagynyň öňüni almak üçin howpsuz we oňaýly iş şertlerini üpjün etmek;

• Howplary ýok etmek we OHSAS töwekgelçiligini azaltmak;

• Işçiler bilen maslahatlar geçirmek we maslahata olaryň wekilleriniň gatnaşmagyny üpjün etmek;

• Hil dolandyryş, daşky gurşawy goramak, saglygy goramak we zähmet howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamlaryny dolandyrmagy hemişe ýokarlandyrmak.

Bu syýasat, hil dolandyryş, daşky gurşawy goramak, saglygy goramak we zähmet howpsuzlygyny üpjün etmek ugurlarynda maksatnamalara ýetmek we durmuşa geçirmek üçin esas bolup durýar.

Biziň Sylaglarymyz

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 13-nji martynda çykaran 317-nji Permanyna laýyklykda “Batly-Gadam" hususy kärhanasynyň direktory Arazberdi Halmämmedowiç Amanmämmedowy Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly bilen sylaglandy. Şeýle hem 2018-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşi bilelikde, Türkmenistanyñ Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegine 10 ýyllygy mynasybetli birleşmäniň agzalarynyň arasynda 2017-nji ýylyň jemi boýunça “Ýylyň öňde baryjy işewüri” atly bäsleşiginiň “Ýylyň eksportory” ugry boýunça “Batly-Gadam" hususy kärhanasy II-nji oruna mynasyp boldy.

2022-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14-ýyllygy mynasybetli “Ýylyň işewür eksportçysy” ugry boýunça “Batly-Gadam” hususy kärhanasy 1-nji orna mynasyp boldy, şeýle hem şol ýylyň 12-13-nji aprelinde geçirilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisiniň agzalaryna gowşurylýan diplom bilen sylaglandyryldy.

Biziň Sertifikatlarymyz

Kärhanamyzda öndürilýän önümlerimize halkara standartlarynyň talaplaryna laýyklykda ISO 9001:2015 Hil dolandyryş ulgamy, ISO 14001:2015 Ekologik dolandyrmak ulgamy we 45001:2018 Saglyk we zähmet howpsyzlygy dolandyryş ulgamy sertifikatlary girizildi.

"Batly-Gadam" hususy kärhanasy bilen hyzmatdaşlyk

Sizi ajaýyp hyzmat, özüne çekiji bahalar we ýokary hilli önümler almaga kepillindirýär!