Biziň "Batly-Gadam" hususy kärhanamyz ýurdumyzda ÿeňil senagaty ösdürmekde uly işleri alyp barýar. Kärhanada dünýäniň ýokary hilli enjamlary we täze innewasion öňde baryjy tehnologiýalary ornaşdyrylyp, bäş ýüze golaý iş orunlary döredilen. Kärhanamyzda pagta süýüminden ýylda 5000 tonnadan gowrak dürli görnüşdäki ýüplik önümlerini öndürilip, häzirki wagtda Türkiýe döwletine we Russiýa Federassiýasyna eksport edilýär. Mundan başga-da, öndürilen ýüplikleri boýamak üçin boýag enjamlary ornaşdyrylyp, ýylda 3500 tonna golaý ýüplikleri boýamak mümkinçiligimiz bar. Şeýle hem, kärhanamyz boýagly ýüpliklerden dürli görnüşdäki, bäsleşige ukyply, ýylda 18000000 jübütden gowrak joraplary öndürip, daşary ýurtlardan import bolup gelýän harytlaryñ ornuny tutýan ýokary hilìi önümleri öndürmek bilen meşgullanýar

Ýüplik önümçiligi - enjamlary Şwesariýanyñ "RIETER" kompanýasyndan we Ýaponiýanyň “MURATEC" kompanÿasyndan satyn alynyp, ýylda jemi 5000 tonna dürli görnüşdäki ýüplikler öndürilýär. Öndürilýän yüplikleriň 3500 tonnasy NE 20 RING KARDE ýüplügi bolup, munuň 90% göterimini eksport edilyär, 10% göterimini bolsa jorap önümçiliginde ulanylýar hem-de ýylda 1500 tonna NE 20 OPEN END ýüplügi öndürilip, munuň 100% göterimi eksport edilýär.

Ýüplik boýagy — enjamlary Germaniýanyň “THIES" kompanýasyndan satyn alynyp, ýylda 3500 tonna golaý ýüplikleri dürli reňklerde boýalýar

Jorap önümçiligi — enjamlary Italiýanyñ “LONATI" kompanýasyndan satyn alynyp, ýylda 18000000 jübütden gowrak joraplary öndürilip biliner. Öndürilen jorap önümleri döwletimize import bolup gelýän joraplaryň doly möçberde ornuny tutar we eksport hem ediler.